Biz barada
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň "Aşgabat" daýhan birleşiginde ýerleşýän «Röwşen" HK-nyň "Röwşen agro" ýyladyşhanalar toplumy döredilen gününden bäri ilatymyzy häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly ösdürilip ýetişdirilen ter we ýokary hilli gök önümler bilen üpjün etmäge ýöriteleşendir. Ekin üçin saýlama tohumlar ýurdumyza Türkiýeden we Niderlandlardan getirilip, olaryň gülleýän döwründe ösümlikleri netijeli tozanlandyrmak üçin bolsa Türkiýeden ýörite arylar getirilýär. Şol sanda ýyladyşhanada gülleriň birnäçe owadan we döwrebap görnüşleri hem ösdürilip ýetişdirilýär. "Röwşen agro" ýyladyşhanalar toplumynyň önümleri esasan içerki sarp edijiler üçin niýetlenip, hasylyň galan bölegini bolsa Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana we Gyrgyzystan döwletlerine eksport edilýär. Şeýle-de bu ýer-de ýerleşýän sowadyjy ammar 2000 tonna önümi saklanylmagyna we azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, bahalaryň elýeterligini gazanmaga şert döredýär. Kärhanamyz ýylyň islendik wagtynda sarp edijiler üçin elýeterli bolan ter we ekologiýa taýdan arassa gök önümleriň görnüşlerini artdyrmagyň üstünde işläp, eksporta ugurly hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
2021-nji ýyldan bäri
Hyzmatlar
Röwşen Agroda häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryny – damjalaýyn suwaryş, ýyladyş we sowadyş ulgamlaryny, ekologiýa taýdan arassa organiki dökünleri, howanyň we topragyň zerur çyglylyk derejesini saklamak üçin niýetlenen ulgamlary peýdalanýar.
Azyk bolçulygyny üpjün etmek
Gülleri ýetişdirip bermek
Şitil ýetişdirip bermek
Daşary ýurtlara eksport etmek
Sowadyjy ammarlar
Azyk bolçulygyny üpjün etmek
Gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhanalarda häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryny – damjalaýyn suwaryş, ýyladyş we sowadyş ulgamlaryny, ekologiýa taýdan arassa organiki dökünleri, howanyň we topragyň zerur çyglylyk derejesini saklamak üçin niýetlenen ulgamlary (klimat-kontrol) peýdalanýar. Kärhanadaky amallaryň köpüsi dolulygyna awtomatlaşdyrylandyr.
Gülleri ýetişdirip bermek
Röwşen Agroda gülleriň birnäçe owadan we döwrebap görnüşleri hem ösdürilip ýetişdirilýär. Gülleri buýurmalar esasynda hem ýetişdirip bermek hyzmaty bar. Röwşen Agroda ýetişdirilen gülleri şäheriň bezeg bermekde, Döwlet derejesindäki çärelerde we başgada möhüm ýerlerde ulanyp bilersiňiz.
Şitil ýetişdirip bermek
Tejribeli daýhanlar «Marwellans», «Altes», «Bandita», «Suşi», «Harpink» ýaly ýokary hilli tohumlaryndan pomidorlaryň we çerri-pomidorlarynyň ýigrimä golaý sortyny ösdürip ýetişdirýärler.
Daşary ýurtlara eksport etmek
«Röwşen» HK-nyň «Röwşen agro» ýyladyşhanalar toplumynyň önümleri esasan içerki sarp edijiler üçin niýetlenip, hasylyň galan böleginiň bolsa Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana we Gyrgyzystan döwletlerine eksport edilýär.
Sowadyjy ammarlar
“Röwşen” hususy kärhanasynyň Mary şäherinde ýerleşýän gök-bakja we miwe önümlerini saklaýan 2 müň tonnalyk sowadyjy ammary. Ösen tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylan desgalar 1 müň tonna ýeralma, 1 müň tonna miwe saklamaga niýetlenilip, olaryň 10 sowadyş bölümi, dolandyryş bölümi hem-de barlaghanasy bar.
Harytlar
Tejribeli daýhanlar «Marwellans», «Altes», «Bandita», «Suşi», «Harpink» ýaly ýokary hilli tohumlaryndan pomidorlaryň we çerri-pomidorlarynyň ýigrimä golaý sortyny ösdürip ýetişdirýärler.
Marwellans
Ösümlik - Ýapraklary goýy-ýaşyl, wegetatiw ösümlik ulgamy bolup ýöne gaty güýçli däl kök ulgamy ösen . Ýetişýän wagty - 80-90 gün. Miwe - Birneme tekiz görnüşde. Gaty. Reňk - Gara-gyzyl. Agramy - 110-130 gr Döwülmäge garşylyk - ýokary. Kesellere garşylyk - HR: ToMV:0-2/ ToTv/Ff: AE/Fol:0.1/For/Va:0/Vd:0;IR:TYLCV Artykmaçlygy - Pomidor 1 ýyllyk gyzyl görnüş bolup, häzirki zaman ýyladyşhana şertlerinde kesellere we wiruslara garşylygy sebäpli gysga wagtyň içinde meşhur boldy. Ekmek üçin teklipler - Gidroponiki ulgamy bolan teplisalarda ösdürip ýetişdirmek üçin ýylboýy ösdürip bolýar. Miwäniň tutuş döwri ýokary hilli hasyl .
Bandita
Ösümlik - Ýapraklary dykyz, ortaça ösüş kuwwatyna eýe bolan ösümlik. Ýetişýän wagty - 80-90 gün. Miwe - Dykyz gurluşly tegelek görnüşde. Reňk - Çuň gyzyl. Agramy - 90-110 gr Döwülmäge garşylyk - ýokary. Kesellere garşylyk - HR: ToMV:0-2/ Fol: 0.1 / For / Va: 0 / Vd: 0 Artykmaçlyklary - ajaýyp tagamly, ýarylmaga çydamly miwe. 15 günlük ýaramly, eksportçylara daşamak üçin amatly saýlawdyr.
Altes
Ösümlik - Güýçli,öndürijilikli, güýçli kök ulgamly. Ýetişýän wagty - 80-90 gün. Miwe - tekiz, gaty. Reňk - açyk gyzyl. Agramy - 120 -140 gr Döwülmegine garşylyk - Ortaça. Kesellere garşylyk - HR- ToMV, Fol: 0.1, For, Va, Vd, Ma, Mi, Mj Artykmaçlyklary - Bu ýokary hilli we ýokary hasyl berýän pomidor görnüşiniň ýakymly ysy bar, dowamly häsiýetlere we ýylyň islendik wagtynda ýyladyşhanada ýetişdirilip bilinjek güýçli ösümlik gurluşyna eýe.
Gyzyl çerri
Ultra ir ýetişýän, ýokary öndürijilikli gibrid, gögermekden bişýänçä 98-100 gün. Aýna we film ýyladyşhanalarynda ösmek üçin niýetlenendir. Ösümlikler kesgitlenmedik, beýikligi 1,7-2.0 m, miweleri tegelek, tekiz, dykyz, agramy 10-15 gr. Tagamy ajaýyp, pomidorlar süýji we şireli. Täze sarp etmek we tutuş miwe konserwasy üçin ajaýyp. Gibrid fusariuma, kladosporioz we TMV garşydyr. Önümçilik - 7kg / m2. Bir ýa-da iki hakyky ýaprak fazasynda hökmany ýygnamak bilen nahallara tohum ekmek. Tohumlar 60-65 gün ýaşynda ekilýär, 1 inedördül metrde 3-4 bölek goýulýar. Ösümlikler daňylýar we 1-2 baldak emele gelýär. Gapdal oklary (öweý çagalar) aýyrmak hökmandyr. Ösümliklere yzygiderli suwarmak, otlamak, gowşatmak we dökünlemek gerek.

Kärhanada her gektardan 350 tonna gök önüm hasyly alynýar.
Röwşen Agroda häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryny – damjalaýyn suwaryş, ýyladyş we sowadyş ulgamlaryny, ekologiýa taýdan arassa organiki dökünleri, howanyň we topragyň zerur çyglylyk derejesini saklamak üçin niýetlenen ulgamlary peýdalanýar.
0
«Röwşen» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumynda 150 adam zähmet çekýär, olaryň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Habarlaşmak üçin
Biziň maksadymyz
«Röwşen» HK ýylyň islendik wagtynda sarp edijiler üçin elýeterli bolan ter we ekologiýa taýdan arassa gök önümleriň görnüşlerini artdyrmagyň üstünde işläp, eksporta ugurly hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek.